HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Mart 06, 2024 | 18:59 |7924
2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, rektory şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Rektor J.Samuşiýa mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtmak bilen, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşant goşjakdygyny aýratyn belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026