

Türkmenistanyň onlaýn-platformalary alyjylara “Remezan sebetlerini” hödürleýärler
Ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Remezan aýy ýetip geldi. Hijiri-Kamary senenamasyny bu dokuzynjy aýynda musulmanlar agyz bekleýärler, ybadat edýärler.


Ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Remezan aýy ýetip geldi. Hijiri-Kamary senenamasyny bu dokuzynjy aýynda musulmanlar agyz bekleýärler, ybadat edýärler.


15-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçjek Prezident saýlawlarynda 144 ýurtda 295 saýlaw uçastogy hereket eder. Bu barada RF-iň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Pawel Andreýew habar berdi.


Rus kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda ýolbaşçylygy kabul edip aldy. Bu barada “Roskosmos” döwlet korporasiýasy habar berýär.


Wena şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.


2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.


Aşgabatda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi. “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiada mekdep okuwçylarynyň gyzyklanmasy diýseň ýokary boldy. Ilkinji tapgyra gatnaşan 25 müňe golaý okuwçy öz zehinlerini açyp görkezmek üçin Zehin soraglary (IQ test), Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça ýumuşlary türkmen dilinde ýa-da dil başarnygyna laýyklykda iňlis dilinde ýerine ýetirdiler. Ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda 2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen integrirlenen olimpiadanyň meseleleriniň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi.


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny iberdi. Özbek Lideriniň gutlag haty şu gün resmi metbugatda çap edildi.


“Geo News”-yň habaryna görä, Pakistanyň Halk partiýasynyň egindeş başlygy Asif Ali Zardari Pakistanyň 14-nji Prezidenti wezipesine saýlandy. Zardari ozal hem 2008-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli ýurduň Prezidenti bolupdy. Indi ol ikinji gezek döwlet Baştutany boldy.


Penşenbe güni, 7-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda önüdürilýän nebithimiýa hem-de ýeňil senagat önümleri.


Pekin şäherinde geçirilen halk wekilleriniň 14-nji çagyrylyşynyň Ählihytaý ýygnagynyň 2-nji sessiýasynyň çäklerinde HHR-iň daşary işler ministri Wan Iniň metbugat maslahaty guraldy.


Ýakynda Türkmenistanda geçirilen Hökümet mejlisisiniň, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanyp Seul şäherindäki türkmen ilçihanasynyň binasynda "tegelek stol" maslahaty geçirildi.


Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň Pekin şäherinde 5-nji martda Halk ýygnaklar öýünde açylan ikinji mejlisine gatnaşdy.


Döwletiň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.


Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi. Bu barada «Podrobno.uz» habarlar agentligi habar berýär.


2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi.