HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri gowşuryldy

Mart 06, 2024 | 14:32 |2205
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan güneşli Diýarymyzyň durmuşynyň bezegi bolan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan güneşli Diýarymyzyň durmuşynyň bezegi bolan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çeşme: 720rip.ru

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan güneşli Diýarymyzyň durmuşynyň bezegi bolan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mähribanlygy, gözelligi, wepalylygy we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar.

Ata-Watanymyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde 8-nji mart – Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilmegi Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine mynasyp goşant goşýan zenanlara we mährem enelere çäksiz hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde geçirilen dabarada hem türkmen halkynyň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwer däplerini aýap saklaýan we dowam etdirýän gelin-gyzlarymyzyň we mähriban enelerimiziň şanyna tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Ýurdumyzyň mährem zenanlaryna, gözel gyzlaryna, paýhasly enelere, zähmetsöýer gelin-gyzlara bagyşlanan dabarada çykyş edenler zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026