Habarlar

Türkmenistanda jemi içerki önümiň, içerki we daşary söwdanyň ösüşi durnukly - 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlaryTürkmenistanda jemi içerki önümiň, içerki we daşary söwdanyň ösüşi durnukly - 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary

Türkmenistanda jemi içerki önümiň, içerki we daşary söwdanyň ösüşi durnukly - 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Bu döwürde ýurdumyzda geçen ýylyň ilkinji ýedi aýy bilen deňeşdirilende 6,3 göterim köp önüm öndürdi. Ýurdumyzda bölek haryt dolanyşygynyň mukdary esasy derejeden 9,4 göterimden, daşary söwda 4,9 göterimden ýokary boldy. Şeýle görkezijiler barada wise-premýer Hajymyrat Geldimyradow anna güni türkmen hökümetiniň mejlisinde habar berdi.