HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan uzaýan 4-nji gaz geçiriji şahany gurmak üçin Hytaý Täjigistana maýa goýýar

Awgust 23, 2023 | 20:44 |7942
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri He Lifen Täjigistanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Zoir Mahmadtoir we Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali bilen “Türkmenistan - Hytaý” gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri He Lifen Täjigistanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Zoir Mahmadtoir we Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali bilen “Türkmenistan - Hytaý” gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: ritmeurasia.org

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri He Lifen Täjigistanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Zoir Mahmadtoir we Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali bilen “Türkmenistan - Hytaý” gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenişi ýaly, gaz geçiirjiniň 4-nji şahasyny gurmak işini çaltlandyrmak üçin Täjigistanyň energetika pudagyna hytaý maýa goýumlaryny we döwrebap tehnologiýalary çekmek möhümdir.

Ozal habar berşimiz ýaly, Täjigistan öz çäginde gaz geçiirjini gurmak üçin daşary ýurtlardan näçe hünärmeniň çekiljekdigi barada mälim edipdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz geçiirjiniň 4-nji şahasyny gurmak işini çaltlandyrmak isleýändikleri şu ýylyň ýanwarynda iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde hem mälim edilipdi. Şu ýylyň maýynda geçirilen “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitinde hytaý tarapy gaz geçirijini gurmak işini çaltlandyrmak isleýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Türkmenistandan gözbaş aljak Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip Hytaýa barjak 4-nji gaz geçiriji şahasy ýurdumyzyň Hytaýa gaz eksportyny umumylykda ýylda 65 milliard kub metre ýetirmäge hem-de üstaşyr geçiriji ýurtlaryň tebigy gaza bolan islegini belli bir derejede kanagatlandyrmaga şert döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026