Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň hünärmenleri Russiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler


Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň maliýe düzümleriniň hünärmenleri “Rossotrudniçestwo” we “Rosfinmonitoring” edaralarynyň bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde Moskwa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler.
Hünär kämilleşdiriş okuwlaryň çäklerinde degişli ýurtlaryň maliýe düzümleriniň wekilleri korrupsiýa, bikanun maliýeleşdirme, wirtual pul dolanyşygy we howpsuzlyk ýaly ugurlarda özara tejribe alşarlar. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde, oňa gatnaşyjylar maliýe ulgamyndaky aragatnaşyk we howpsuzlyk boýunça gymmatly tejribeleri toplarlar. Munuň üçin degişli ugurda “tegelek stol” maslahatlaryny, duşuşyklary we ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde tutulandyr.
Şeýle hem hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşyjylar üçin rus paýtagtynda baý medeni maksatnama göz öňünde tutulypdyr.
ORIENT news








