

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sebitara durnukly ulag meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Belgiýa Patyşalygynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Belgiýa Patyşalygynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmegi çaltlandyrmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.


Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy.


Ýurdumyzyň milli ykdysady toplumynyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky hökümet mejlisinde döwlet Baştutany täze ýyldan başlap, býujet edaralarynyň, kärhanalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi.


Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ikä bölüner, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi dörediler. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.


Hytaý tizligi sagatda 250 km yzygiderli ýük otlularyny işe girizer. 12-nji iýulda Günbatar Hytaýda Çendu bilen Kunminiň arasynda görkezilen tizlikde ýola goýlan iki otlynyň synag gatnawlary üstünlikli tamamlandy. Geljekde bu gatnawlar her gün amala aşyrylar.


Şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandan 3,97 müň tonna uçar ýangyjyny satyn aldy. Bu barada “Trend” habarlar agentligi Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär.


Nebit önümlerini eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2024-nji ýylda nebit önümlerine bolan gündelik isleg häzirkisinden 2,2 million barrele çenli artar. Bu barada guramanyň aýlyk hasabatynda mälim edilýär.


Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumy ýylyň başyndan bäri daşary ýurda buýan köküniň 3,3 müň tonnadan gowragyny we buýan ekstraktynyň 613 tonnasyny eksport etdi- diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.


Kataryň Energetika meseleleri boýunça döwlet ministri we Qatar Energy kompaniýasynyň Baş müdiri Saad bin Şerida Al Kaabi Kanadada suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) boýunça geçirilen 20-nji Halkara maslahatynda 2029-njy ýyla çenli bazara çykjak täze STG-niň umumy möçberiniň 40%-niň öz kompaniýasy tarapyndan üpjün ediljekdigini habar berdi.


“Maksada okgunly” hususy kärhanasy hindi towugynyň etinden çipsileri öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimow “Нейтральный Туркменистан” gazetine beren beýanatynda mälim edýär.


Yragyň premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani, energetika pudagynda Yrak resmileri bilen bolan duşuşygynda, elektrik stansiýalaryna zerur ýangyç bermekde kynçylyk çekýänligi sebäpli, gaz importyna çözgütleri tapmagy tabşyrdy. Bu barada IraqiNews.com premýer-ministriň kanselýariýasynyň çap eden beýanyna salgylanyp habar berdi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik Bankynyň we «Yigit» HJ-niň wekilleri, ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) ýardamynda Bakuwda geçirilen Baku ID wençura maýasy forumyna gatnaşdylar.


“Rossiýskiýe železnyýe dorogi” (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Mihail Glazkow demir ýollary arkaly eksporta niýetlenen ýük harytlarynyň göz öňünde tutulan meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigini mälim edýär.


Russiýa "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi hakyndaky ylalaşyga Türkmenistanyň goşulmagyna razylyk berdi. TASS-yň berýän habaryna görä, degişli buýruga Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin gol çekdi.