HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lebap welaýatynda 2028-nji ýyla çenli nähili durmuş maksatly desgalar gurlar?!

Sentýabr 11, 2023 | 09:13 |6685
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, welaýat boýunça 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, welaýat boýunça 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, welaýat boýunça 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.

Gurlup ulanmaga berlen binalar welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan iri taslamalaryň diňe bir bölegi bolup durýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde, 2028-nji ýyla çenli şu desgalaryň gurulmagy göz öňünde tutulandyr:
— 3 hassahana;
— 5 saglyk we anyklaýyş merkezi;
— 6 çagalar öýi;
— 18 orta mekdep;
— 3 medeniýet öýi;
— 305 kilometrlik suw geçiriji ulgamy;
— 5 suw arassalaýjy desga;
— 78 kilometrden gowrak lagym ulgamy;
— 769 kilomterlik awtomobil ýoly;
— 347 kilometrlik gaz geçiriji;
— 470,5 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy;
— 438 kilomterlik telefon liniýasy we 11,2 müň telefon nokady.

Häzirki wagtda welaýatyň Kerki, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar. Ol 3,5 müň maşgalany täze jaýlar bilen üpjün eder. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyň täze binalar toplumyny gurmak işine girişildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026