HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Premýer-ministri Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň tarapdary

Sentýabr 12, 2023 | 23:56 |8016
Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.
Çeşme: ptv.com.pk

Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.

Söhbetdeşlikde Premýer-ministr Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda ajaýyp doganlyk gatnaşyklarynyň ösendigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösjekdigine umyt bildirdi. Pakistanyň PTV teleýaýlymynyň habaryna görä, söwda, energiýa, ykdysady gatnaşyklar we adamlar bilen aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga ünsi jemlemelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi bu anyk taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umumy gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Anwaar-ul-Hak Kakar 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda kasam kabul edip, Pakistanyň wagtlaýyn hökümetine ýolbaşçylyk etdi. Öňki Ministrler Kabineti 9-njy awgustda mejlisiň gysagly dargadylmagyndan soň işinden aýryldy (konstitusiýa laýyklykda umumy saýlawlar 90 günüň içinde geçirilmeli).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026