Hazaryň bäş ýurdunyň hünärmenleri deňiz dolandyryşy boýunça okuw üçin Aşgabatda ýygnandylar


Duşenbe güni, 11-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda 9-njy «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» okuw kursy açyldy. Hazarýaka ýurtlarynyň hünär edaralarynyň işgärleri üçin on günlük seminar Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Halkara Umman instituty bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Dabaraly açylyşda okuw kursynyň müdiri Ýuriý Olýunin, Hazar deňziniň türkmen institutynyň ýolbaşçysy Myrat Atajanow we halkara Umman institutynyň dolandyryjy müdiri Antonella Wassallo çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar we mugallymlar bilen tanyşlykdan soňra, iňlis dilinde alnyp barylýan we leksiýalary, amaly dersleri, meseleli ýagdaýlary modelirlemäni we ş.m. öz içine alýan has dürli okuwlar üçin toparlar düzüldi.

– Bu kurslar, baş edarasy Maltada ýerleşýän, Umman institutynyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Olar Hazar sebiti ýurtlarynyň hünärmenleri üçin guralýar, ýöne kämahallar Hytaý wekiliýeti hem gelýär. Bu kurslaryň maksady –soňra öz ýurtlarynda baýlyklary tygşytlamak, daşky gurşawy goramak, bu ýagdaýda Hazar deňzi, şeýle hem umuman Bütindünýä ummany görnüşinde nesilleriň mirasyny goramagyň zerurlygy esasynda syýasat alyp barjak adamlary taýýarlamak,-diýip ORIENT bilen söhbetdeşlikde Ýuriý Olýunin aýtdy.

Okuw, ummany dolandyrmagyň ýörelgeleri baradaky hasabatyň hödürlenmegi bilen başlandy, soňra iki topara bölünen seminara gatnaşyjylar Hazar deňzi üçin ýörite taslamalary taýýarlap başlarlar. Netijelerini okuwyň soňky gününde paýlaşarlar.

Seminaryň başlan meseleleriniň gerimi giň we ummanlar hem deňizler bilen adam gatnaşyklaryny dolandyrmakda durnuklylyk düşünjesi; köptaraplaýyn diplomatiýa we halkara gepleşikleriň düzgünleri, tapawutlary ýeňip geçmek we dawalary çözmek; deňiz giňişligini meýilleşdirmek; Ummanyň saglygy we «gök» ykdysadyýeti; daşky gurşaw meseleleri we Hazar deňziniň mümkinçilikleri, ýük daşamak, balyk tutmak we başgalar ýaly mowzuklary öz içine alýar.

– Okuwyň esasy maksatlarynyň biri sebitdäki ýurtlaryň arasynda, Hazaryň baýlyklaryny gorap saklamak bilen meşgullanýan hünärmenleriniň arasynda baglanyşyk döretmek,-diýip Ýuriý Olýunin belledi.
Hünärmeniň pikiriçe, häzir Hazar deňzi, suwynyň azalmagy sebäpli agyr günleri başdan geçirýär. Käbir kenarýaka ýerlerinde bu eýýäm heläkçilik ýagdaýlara sebäp bolýar. Şonuň üçin Hazarýaka ýurtlarynyň hökümetleri häzirki wagtda baýlyklary goramak, magdançylyk, deňziň hapalanmagy we ş.m. ýaly deňiz meseleleri boýunça hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berýärler.

Bu okuw diňe bir bu meselelere düşünmek we olara çözgüt tapmak üçin däl-de, Hazar deňzini gorap saklamak boýunça täze çemeleşmeleri durmuşa geçirmekde hünärmenleriň mümkinçilikleriniň döredilmegine goşant goşmaga niýetlenendir.
– Häzir Türkmenistanda alymlaryň uly topary daşky gurşawy goramak, Hazaryň baýlyklaryndan peýdalanmak, ýük daşamak, port dolandyryşy ýaly ugurlarda deňiz ykdysadyýeti ýaly pudaklarda işjeň işleýär. Türkmenbaşy portunyň gurluşygy muňa mysal bolup biler,- diýip Ýuriý Olýunin nygtady we Türkmenistanyň bu nukdaýnazardan öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygyny aýtdy.

ORIENT news








