HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatynda senagat önümçiligi 6,7 göterim artdy

Sentýabr 13, 2023 | 09:21 |3488
Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.
Çeşme: yandex.ru

Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gazanylan netijäniň deň ýaryna golaýy hususyýetçileriň paýyna düşýär. Degişli döwürde welaýatdaky “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan hereket edýän guýulardan gaz kondensatyny goşmak bilen, 2 million 366 müň tonna nebit we 3 milliard 10 million kub metre golaý tebigy gaz çykaryldy. Toplumda suwuklandyrylan gazyň 24 müň 583 tonnasyny taýýarlamagyň 8 aýlyk meýilnamasy 234 göterime barabar berjaý edilip, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 158 göterime golaý ösüş gazanyldy.

Geçen hasabat döwründe welaýatdaky “Awaza” we “Balkanabat” döwlet elektrik stansiýalarynda hem-de Türkmenbaşydaky ýylylyk elektrik merkezinde öndürilen toguň umumy möçberi 3 milliard 155 million kilowat sagada barabar boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2 sany täze gaz turbinany gurmak, elektrik bekediniň durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, bu görkezijileriň has-da artjakdygy ikuçsuzdyr.

Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda ýurdumyzyň iri senagat kärhanalary ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026