Habarlar

Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdyGruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandyAzerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

SLB - "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşySLB - "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşy

SLB - "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara forumynyň bürünç derejeli hyzmatdaşy

Soňky ýyllarda energetika pudagy ählumumy özgertmeleri başdan geçirip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin "ýaşyl" energiýa ugruny geljegiň ösüş ugry hökmünde saýlap alýan ýurtlaryň sany barha artýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçmek durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmekde möhüm ädim boldy. Howanyň üýtgemegi we metan zyňyndylarynyň möçberini azaltmak bilen bagly meseleler soňky ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyň esasy üns merkezindäki wezipeler boldy.