Özbegistan Türkmenistandan gaz importyny görnetin artdyrdy


Sentýabr aýynda Özbegistan Türkmenistandan tebigy gaz importyny görnetin artdyrdy. Geçen aýda Özbegistan jemi bahasy 281,6 million dollar bolan tebigy gazy Türkmenstandan satyn aldy. Bu geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijilerinden 2 essede gowrak hem köpdür.
Ýyly başyndan bäri Özbegistanyň Türkmenistandan satyn alan tebigy gazynyň möçberi 487,9 million amerikan dollaryna barabar boldy. Eger-de Özbegistan iýul aýynda Hytaýa 91,39 million dollarlyk tebigy gaz iberen bolsa, onuň möçberi 41,62 million dollara çenli azaldy.
Özbegistan sentýabr aýynda jemi 302,3 million dollarlyk önümi Türkmenistandan satyn aldy. Özbegistanyň importynyň möçberiniň birden ýokarlanmagy Türkmenistany goňşy ýurduň iň öňdäki 6-njy ýurdy etdi. Geçen 9 aýda Türkmenistandan import edilen harytlar 700,9 million dollara, eksport edilen harytlaryň möçberi bolsa, 129,4 million dollara barabar boldy.
“Türkmengaz” döwlet konserni we “UzGasTrade” awgust aýynda Aşgabatda ýylda 2 milliard kub metrlik tebigy gazy ibermek hakynda şertnama baglaşdylar.
ORIENT news








