HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Mary welaýatynda durmuş maksatly birnäçe desga gurlar

Oktýabr 25, 2023 | 08:56 |7627
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 1-nji noýabra çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär.Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 1-nji noýabra çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär.
Çeşme: orexca.com

Mary welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly birnäçe desgalary gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bilidirişde habar berilýär.

Şeýlelikde, Mary etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagyny, Murgap etrabynda 500 orunlyk mekdep, Ýolöten şäherinde gije-gündizde 10 müň kub metr suwy arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda 25 müň kub metrlik, Baýramaly etrabynda 50 müň kub metrlik, Oguz han ilatly çäginde 15 müň kub metrlik suw arassalaýjy desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Üçdepe we Täze dünýä şäherçelerinde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, arçynlygyň edara binalary, 660 orunlyk mekdep, saglyk öýi gurlup, ýol, elektrik we inžeenrçilik ulgamlary döwrebaplaşdyrylar.

Döwrebap Garypata şäherçesinde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, arçynlygyň edara binalaryny, 720 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagyny, saglyk öýüni gurmak, ýaşaýyş-durmuşa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 1-nji noýabra çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär.

Telefon belgileri: 8 (522)­ 6-06-21,­ 6-00-34.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026