HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dagystan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ilkinji ýük gämini kabul etmäge taýýarlyk görýär

Oktýabr 25, 2023 | 11:04 |5054
Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy hem-de Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämi gatnawyny amala aşyrmak meselesini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar.Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy hem-de Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämi gatnawyny amala aşyrmak meselesini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar.
Çeşme: rosmorport.ru

Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy hem-de Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämi gatnawyny amala aşyrmak meselesini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada “Mahaçkala deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, degişli ugra ilkinji ýük gatnawyny şu ýylyň ahyryna çenli amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistandan ugradyljak ýük gämisiniň göwrümine we aýratynlygyna laýyklykda, Dagystanyň deňiz portunda zerur amatly şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Ilkinji gatnawlaryň hatarynda konteýner ýükleri üçin parom gämileriniň ugradylmagy göz öňünde tutulýar. Bu porta ilkinji gäminiň gelmegi Türkmenbaşy porty bilen göni ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm ädim bolar.

Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň ýola goýuljakdygy barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow hem ozal habar beripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026