Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan yzygiderli demir ýol gatnawlaryny ýola goýarlar


Türkmenistanyň «Ulag-logistika merkezi» (TULM) «RŽD Logistika» we Gazagystanyň «KTZ Express» multimodal kompaniýasy «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we ulag infrastrukturasyny bilelikde ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Bu barada Russiýanyň kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Resminama harytlaryň yzygiderli daşalmagyny we üstaşyr gatnawlary guramagy, eksport-import harytlarynyň mukdaryny artdyrmagy, şeýle hem ýurtlaryň arasynda täze otly gatnawlaryny ýola goýmak bilen, demir ýol ugurlarynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de oba hojalyk we azyk önümlerini gysga wagtyň dowamynda eltip bermegi üpjün etjek yzygiderli konteýner hyzmatlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
ORIENT s
Surat: e-cis.info








