Türkmenistanyň SSE-si GDA ýurtlarynyň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklygynda wideomaslahat görnüşinde GDA gatnaşyjy döwletleriň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň şanly XХ, mejlisi geçirildi.
Mejlsisiň temasy “GDA-nyň giňişliginde özara ýakynlaşmagy çuňlaşdyrmakda palatalaryň eýeleýn orny: Geňeşiň 20 ýyllyk işiniň netijeleri we geljek üçin meýilnamalar” diýen mseleleden ybarat boldy.
Duşuşyga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkmenisrtanyň, Özbegistanyň Söwda-senagat edararalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Döwletara bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň SSE-nyň başlygy Döwletgeldi Rejepow Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe Geňeşiň işi barada habar berdi. Ol pandemiýa sebäpli emele gelen çylşyrymly döwre garamazdan, hemme palatalaryň birek-birek bilen ýakyn özara gatnaşykda bolup, soňky ýyllarda Geňeşiň işiniň sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de wideomaslahatlar arkaly elektron görnüşdäki hyzmatlary ösürmäfge gönükdirilendigini bellediler.
Türkmenistanyň SSE-niň başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň köp bölegi ýerine ýetirildi, käbirleri bolsa, mysal üçin, maýa goýum taslamalaryny düzmek we olaryň, ygtybarly hyzmatdaşlaryň, bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawyny täzelemek işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar, palatalaryň saýtlaryndan şolar bilen tanşyp bolýar diýip, Rejepow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, RF-niň Söwda-senagat palatasy tarapyndan guralan “Innowasiýalaryň täjirçilige geçirilmegi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýalay aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi. Tehnologik brokerçilik” atly okuw maslahaty uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle okuw maslahatlaryny onlaýn ýa-da utgaşykly görnüşde köpräk geçirmek gerek, sebäbi onuň netijeleri örän oňat önümçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegine getirýär diýip, TSSE-niň ýolbaşçysy nygtady hem-de “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň (bu Türkmenistanda elektron we elektrotehniki senagaty döretmek baradaky döwlet maksatnamasy boýunça açylan ilkinji kärhanalaryň biridir) Moskwanyň aýratyn ykdysady zolagynyň rezidenti, mikroelektronikany öndüriji we eksport ediji “Mikron” rus kompaniýasy bilen özara gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde getirdi.
Şu mesele boýunça şu ýylyň iýun aýynda guralan wideomaslahat erkin ykdysady zolaklaryň iş tejribseini alyşmak üçin uly peýda bilen geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy üçin bu tejribe örän gyzyklydyr we möhümdir, çünki biz hem şeýle zolaklary döretmäge girişýäris we elbetde, halkara tejribelerini ulanarys diýip, Döwletgeldi Rejepow nygtady.

2021-nji ýylyň iýul aýynda GDA agza döwletleriň özara söwdasyndaky päsgelçilikler hem-de olary aradan aýyrmak boýunça teklipler baradaky meseleler esasynda onlaýn çäre geçirildi. Bu mesele örän möhümdir, çünki işewürlik bu meselele esasy çözgütleri kabul edýän edaralardan aýgytly hereketlere garaşýar.
Işewür toparlary we söwda senagat edaralaryny çekmek arkaly özara söwdadaky päsgelçilikleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça mundan beýläk-de işlemek barada teklipler taýýarlanyldy. Bu işleri eýýäm bar bolan hem-de ýüze çykyp biläýjek täze söwda päsgelçiliklerini işjeň hem-de aç-açan aradan aýyrmak, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ondan oňa erkin hereket etmeginde ele salmalaryň we çäklendirmeleriň mümkin boldugyça azaldylmagyny üpjün etmek üçin dowam etmek gerek diýip, TSSE-niň ýolbaşçysy nygtady.
Döwletgeli Rejepow palatalaryň arasynda sebitleriň derejesindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdi. Onuň pikirne görä, sebitlerdäki palatalary hem bir-biri bilen has işjeň gatnaşyk etmäge çekmegiň, haýsy sebitler bilen we nähili görnüşde işlemegiň özleri üçin bähbitli hem-de netijlei boljakdygyny olaryň özlerine saýlamaga mümkinçilik bermegiň wagty geldi.
Munuň özi aýratyn-da serhetýaka palatalara degişlidir. Sebäbi serhetýaka hyzmatdaşlygy hakykat ýüzünde ýakynlaşmaga geçmegiň hem-de serhetýaka ýerleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, ilatyň işewür işjeňligini, iş bilen meşgullygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň has netijeli ýollarynyň biridir diýip, TSSE-nyň ýolbaşçysy aýtdy.
Ol şeýle hem, Geňeşiň işine, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we beýlekilere degişli meseleleri dessine çözmek üçin palatalaryň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň sekretariatyny döretmegiň zerurdygy baradaky meseläni gozgady hem-de taraplaryň her birinden jogapkär işgäri bellemgi teklip etdi.
Soňra GDA-nyň beýleki döwletleriniň palatalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, häzirki wagtda we geljek üçin özara gatnaşyklar baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.

Mejlisiň dowamynda ýene-de bir möhüm meselä – GDA döwletleriniň özara hasaplaşyklarynda milli pullaryň ulanylmagy baradaky meselä garaldy. Şu mesele boýunça Döwletara bankynyň wise-prezidenti Igor Çumakowskiý çykyş etdi.
Geňeşiň mejlisiniň netijeleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň netijeli ykdysady ösüşi, ilatyň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkiniçiliklerini has doly ulanmak maksady bilen, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmagyň esasynda GDA-nyň palatalarynyň gatnaşyklaryny hem-de özara hyzmatdaşlyk hereketlerini mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edildi.
Geňeş GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmegi hem-de Arkalaşygy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasynyň birinji tapgyrynyň (2021-2025) çäreleriniň has doly amala aşyrylmagyna ýardam bermegi möhüm hasaplaýar.
Geňeş GDA ýurtlarynyň sebitlerdäki haryt öndürijilerini we ekport edijilerini goldamak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde sergi-ýarmarka we kongressler işini wagyz etmäge ýardam bermegi zerur hasaplaýar. GDA-nyň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň howandarlygynda 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän sergi-ýarmarka çäreleriniň sanawy tassyklanyldy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň palatalarynyň işgärleriniň birnäçesi Geňeşiň “Sergi-ýarmarka işlerine işjeň gatnaşandygy üçin” diýen diplomlary bilen sylaglandylar.
Geňeşde başlyklyk etmek nobaty Türkmenistandan Ermenistana geçirildi, Geňeşiň başlyklygyna Ermenistanyň SSE-niň prezidenti Martin Sargsýan saýlanyldy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň palatalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda Sarhadzore ermeni şäherinde göniden-göni gatnaşmak arkaly geçirmek teklip edildi.








ORIENT news








