HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda pagta ýygymy tamamlanyp barýar we Hasyl baýramyny bellemäge taýýarlanylýar

Noýabr 08, 2022 | 20:45 |5504
Duşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri hem-de obasenagat toplumy boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminiň we bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrynyň barşy baradaky, ekerançylaryň häzirki günlerde alyp barýan beýleki işlerine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.Duşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri hem-de obasenagat toplumy boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminiň we bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrynyň barşy baradaky, ekerançylaryň häzirki günlerde alyp barýan beýleki işlerine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme:

Duşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri hem-de obasenagat toplumy boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminiň we bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrynyň barşy baradaky, ekerançylaryň häzirki günlerde alyp barýan beýleki işlerine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Ýurt boýunça oba hojalyk möwsümleriniň depginleri, şol sanda geljekki hasylyň düýbüni tutmak boýunça güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň görkezijileri, meýdanlarda tehniklaryň netijeli ulanylyşy, “ak altynyň” daşalyşy we kabul ediş harmanhanalaryň işleri barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ýygnamak işleri alnyp barylýar, Mary welaýatynyň ekerançylarynyň durmuşynda hem gyzgalaňly möwsüm barýar, ol ýerde ösdürilip ýetişdirilen gant şugundury ýygylýar.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilen ekerançylyk önümleri, şol sanda ýeralma hem-de beýleki gök önümler bilen üpjün edilişini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Şonuň bilen birlikde, ýurtda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän we güýzki ýygym möwsüminiň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan Hasyl baýramyny bellemäge taýýarlyk görülýär. Baýramçylykda ekerançylar, ýer eýeleri alym-agronomlar hem-de OST-niň beýleki hünärmenleri sylaglanylýarlar, olara çeken zähmeti üçin sylaglar we sowgatlar gowşurylýar, sergiler, konsertler hem-de beýleki dabaraly çäreler guralýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026