HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet departamenti Waşingtonyň Owganystan we Hazarüsti gaz geçirijisi boýunça ýörelgesini aýan etdi

Noýabr 07, 2022 | 21:10 |12674
Prezident Baýden Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň goňşy döwletleri hem-de beýleki ýurtlary üçin howpa öwrülmezligi ugrunda işlejekdigini aýtdy.Prezident Baýden Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň goňşy döwletleri hem-de beýleki ýurtlary üçin howpa öwrülmezligi ugrunda işlejekdigini aýtdy.
Çeşme:

Prezident Baýden Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň goňşy döwletleri hem-de beýleki ýurtlary üçin howpa öwrülmezligi ugrunda işlejekdigini aýtdy.

Owganystanda durnuklylygy gazanmak üçin Talibanlaryň öz çäklerinde terrorçylyk toparlanyşyklaryň işine ýol bermezligi, ilatyň ähli gatlaklarynyň, etniki azlyklaryň, zenanlaryň, çagalaryň hukuklaryny ykrar etmegi hem-de öz raýatlaryna girgeji döretmek üçin üurduň ykdysadyýetini dikeltmegi zerurdyr.

Bu barada Aşgabada sapar bilen gelen ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynda döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu ýekşenbe güni amerikan ilçihanasynda geçirilen brifingde Owganystanyň täzeden dikeldilmegine Ştatlaryň nähili gatnaşjakdygy baradaky sowala jogap bereninde aýtdy.

Госдеп обозначил позиции Вашингтона по Афганистану и Транскаспийскому газопроводу

Ençeme beýleki ýurtlar ýaly, Türkmenistan owgan halkyny goldamagyny hem-de olara ynsanperwer kömegini bermegini dowam edýär. Soňky ýylda halkara jemgyýetçiligi umumylykda Owganystandaky ynsanperwer taýdan çökgünligi ýeňmek üçin 3 milliard dollara golaý serişdäni sarp etdi diýip, diplomat belledi.

Şunda ol geljekde ynsanperwer kömegini ibermäge däl-de, Owganystanyň ykdysadyýetine ýardam bermäge, bu ýurtda önümleriň öndürilmegini ýola goýmaga ünsi jemlemelidigini, munuň bolsa onuň ilatynyň durmuş derejesini galdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

– Şoňa görä-de, USAID agentligi Owganystanda kiçi we orta işewürligi goldamak oba hojalygyny, saglygy goraýşy we bilimi ösdürmäge ýardam bermek baradaky maksatnamalar boýunça işleri täzeden ýola goýdy.

Госдеп обозначил позиции Вашингтона по Афганистану и Транскаспийскому газопроводу

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi, KHBS-da ýene-de ünsi çekip başlanan Hazarüsti gazgeçirijisi baradaky sowala hem jogap berdi. Ol özüniň işe başlan döwründe ABŞ-nyň Bakudaky işleri wagtlaýyn ynannylan wekili bolup işländigini hem-de türkmen gazynyň Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa iberilmegi baradaky meseläniň şonda we umaman ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlady.

Häzir Ýewropada gazyň bahasy örän ýokary, taslama bolsa ýene-de möhümligini artdyrdy.

Donald Lu tebigy gazy dürli ugurlar boýunça ibermek üçin uly mümkinçilikleriň näçe köp boldugyça türkmen halkyna bähbitli boljakdygy, Birleşen Ştatlaryň bolsa bu işlerde mümkin bolan islendik usullar bilen kömek bermäge taýýardygy barada pikirini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Hazarüsti gazgeçirijisi baradaky mesele bilen baglylykda emele gelen syýasy äheňdäki çekişmäniň ýagdaýyny gowşatmak maksady bilen, Lu ABŞ-nyň türkmen gazyny satyn almagy maksat edinmeýändigini, çünki onuň öz gazynyň köpdügini aýdyp degişdi.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news
Foto we wideo ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026