Türkmen telekeçileri Merkezi Aziýa ýurtlary üçin işewür-perişdeler mekdebine çagyrylýar


Türkmenistanly telekeçiler Merkezi Aziýa ýurtlary üçin onlaýn işewür-perişdeler mekdebine çagyrylýar, şol döwürde bilelikde esaslandyryjy hökmünde geljegi uly başlangyç taslamalaryna nädip maýa goýmalydygyny öwrenerler.
Okuwlar 21-nji noýabrdan 24-nji noýabr aralygynda günde 2-3 sagat rus dilinde geçiriler. Arzalary kabul etme 15-nji noýabra çenli dowam eder.
Sapaklar USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawy ösdürmek taslamasynyň (FGI) goldawy bilen UMAY topary bilen bilelikde MOST biznes inkubatory tarapyndan gurnalýar.
Okuw çäreleri telekeçilere işewürligiň ilkinji döwrüniň başlangyçlarynda kompaniýanyň özüne çekijiligini we kuwwatly girdejiligini nädip bahalandyrmalydygyny, mundan başga-da, ýaş kompaniýalar bilen şertnama baglaşmaga we innowasion iş taslamalaryna maýa goýmak üçin pul gazanmaga kömek eder.
Bu okuw sapagyna tälimçiler «UMAY angels toparynyň» hünärmenleri, şeýle hem başlangyç taslamalaryna maýa goýmakda üstünlik gazanan işewür-perişdeler gatnaşarlar.
Işewür-perişdeler mekdebiniň gatnaşyjylary şu aşakdakylar bilen üpjün eder:
-başlangyç maýa goýum pudagynda ilkinji adamlardan täsin bilim, başarnyklary we tejribe alma,
-işewür täzelikçiler we başlangyç maýa goýujylar jemgyýetiniň bir bölegi bolmak, şeýle hem Türkmenistanda we Merkezi Aziýada başlangyç ekoulgamy,
-maýa goýujylar meýdançasyna girmek Investor Pitch Day (başlangyç taslamalary maýadarlara hödürlemek), bu ýerde işewür-perişdeler tejribe toplap we portfelini gurup başlarlar,
-maýa goýujylar we işjeň aragatnaşyk (networking) üçin başlangyç taslamalaryna syn we tanyşdyryş çäreleri geçirilýän UMAY Merkezi Aziýa işewür-perişdeler toparyna baryp görmek mümkinçiligi,
-Merkezi Aziýadan, Ýewropadan we ABŞ-dan gaznalaryň wekilleri / esaslandyryjylary we işewür-perişdeleri çagyrylýan CAVF Battle 2023 çäresine gatnaşmaga mümkinçilik gazanarlar.
Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin goşmaça maglumatlary almak üçin (+ 993 64) 017872 telefon belgisine jaň edip ýa-da e-poçta salgysyna serdar.moshev@thepalladiumgroup.com iberip bilersiňiz.
ORIENT news
Surat: USAID FGI








