

Aşgabatda “Türkmentel-2022” sergisi açyldy
Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly halkara forum başlandy.


Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly halkara forum başlandy.


Söwdanyň ösüşi, gümrük we ulag hyzmatlary bilen baglanyşykly amallary ýönekeýleşdirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly meseleler Türki döwletleriň guramasynyň 11-nji noýabrda Samarkandda geçiriljek sammitiniň esasy mowzuklaryndan biri bolar.


Türkmenistanyň wekilleri umumy zähmet bazaryny döretmek boýunça Toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamak, zähmet ykjamlylygyny guramak we GDA ýurtlarynda durmuş taýdan goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşar, bu barada TDG-nyň Sekretariatynyň resmi metbugat habarynda habar berilýär.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda täze kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklandy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen barar, bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagram sahypasynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy. Bu barada TDH habar berýär.


2024-nji ýyl türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanar. Bu karar 2022-nji ýylda türki döwletleriň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeni paýtagty Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Jemleýji beýannama türkmen tarapyndan Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.


Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.


Duşenbe güni 7-nji noýabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çyg mal biržasynda geçirilen söwdalaşmalarda 3 geleşik baglaşyldy, bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.


Dürli hünärler üçin niýetlenilen ýokary hilli egin-eşikleri öndüriji – “Tarlan” türkmen kompaniýasy müşderilere gurluşykçylar, jemagat hyzmatlarynyň işgärleri, elektrikler, kebşirleýjiler hem-de beýleki hyzmat ediş gullyklarynyň işgärleri üçin niýetlenilen täze nusgalaryny hödürleýär.


Sişenbe güni 8-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çyg mal biržasyndaky söwdalaşmalarda ýerli telekeçi içerki bazar üçin 7 müň sany plastik astlyklary satyn aldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Dubaý we Abu-Dabi daşary ýurtly syýahatçylar üçin geliş düzgünlerini ýönekeýleşdirdi. Syýahatçylara indi COVID19 lukmançylyk barlagyny we sanjym şahadatnamalaryny görkezmek zerurlygy ýok. «Emirates» awiakompaniýasy özüniň resmi web saýtynda bu şähere gelmek üçin diňe möhleti kadaly bolan pasportyň gerekdigini habar berýär.


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň analitiki merkezleriniň ikinji forumynda Merkezi Aziýany guramanyň möhüm sebiti diýip atlandyrdy. Bu barada МИА «Казинфом» agentligi habar berýär.