Birleşen Arap Emirlikleri Dubaýa gelnendäki ähli COVID19 çäklendirmelerini aradan aýyrýar


Dubaý we Abu-Dabi daşary ýurtly syýahatçylar üçin geliş düzgünlerini ýönekeýleşdirdi. Syýahatçylara indi COVID19 lukmançylyk barlagyny we sanjym şahadatnamalaryny görkezmek zerurlygy ýok. «Emirates» awiakompaniýasy özüniň resmi web saýtynda bu şähere gelmek üçin diňe möhleti kadaly bolan pasportyň gerekdigini habar berýär.
Türkmen awiakompaniýasy duşenbe we çarşenbe günleri Aşgabat-Dubaý gatnawlaryny yzygiderli amala aşyrýar.
Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň uçarlary duşenbe güni sagat 19:10-da Aşgabatdan ugraýar we 20:40-da Dubaýda gonýar. Çarşenbe güni türkmen paýtagtyndan uçarlar sagat 07:55-de uçup, 09:25-de Dubaý şäherinde gonýar.
Uçuş we gonuş wagtlary her şäheriň öz wagtyna göräamala aşyrylýar.
Aşgabat-Dubaý gatnawy üçin biletiň bahasy 5785 TMT.
ORIENT news
Surat: news.myseldon.com








