HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Borrell: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik taýdan ähmiýeti barha artýar

Noýabr 10, 2022 | 16:08 |7350
Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.
Çeşme:

– Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.

– Ýakyn wagtda men Samarkandda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşyk boýunça foruma gatnaşaryn. Bu gatnaşyklarymyzy, hyzmatdaşlygymyzy berkitmek we Global Ýewropa üçin strategik maýa goýum meýilnamamyzy ösdürmek üçin amatly pursat bolar, bu bolsa maýa goýumlarymyzy we häzirki şertlerde ähmiýeti barha artýan dünýäniň bu bölegi bilen gatnaşygymyzy berkitmegiň ýoludyr – diýip, Borrell metbugatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Angliýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleri, şeýle hem ÝB-niň ýokary wekili bilelikde beýannama kabul etdiler, onda Merkezi Aziýa aýratyn bellenip geçilýär.

ÝB-niň Ýokary wekiliniň beýannamasy Ýewropanyň daşary işler gullugynyň (EEAS) internet saýtynda çap edildi.

G7 agzalary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, öz hökümetleri we halklary bilen durmuş-ykdysady ösüş, adam hukuklaryna hormat goýmak, içerki we institusional özgertmeleri durmuşa geçirmek, sebit howpsuzlygy meselelerinde işlemek isleýändiklerini tassykladylar.

EEAS beýannamasynda "Şeýle hem, biz aragatnaşyk, ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bilelikde işläris" – diýlip bellenilýär.

ORIENT news
Foto: api.ardmediathek.de

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026