Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligi we Russiýa Federasiýasynyň kompaniýasynyň arasynda bu desgany gurmak barada şertnama baglaşylypdy.
Bu gün Türkmenistanyň paýtagtynyň günorta böleginde täze dolandyryş we işewürlik merkezi döreýär — bu ýerde ministrlikler we döwlet edaralary, Halk Maslahatynyň diwany, täjirçilik banklary, şeýle hem halkara sergilerini we maslahatlaryny geçirmek üçin merkezler ýerleşýär.
ORIENT news
Surat: tdh.gov.tm








