HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýüküň daşalyşyny iki esse artdyrdy

Noýabr 10, 2022 | 08:02 |6463
Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük  daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük  daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

"Statistik maglumatlara görä, geçen ýylyň 9 aýy bilen deňeşdirilende, şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlarynyň gatnaşmagynda Özbegistanyň ýük daşalyşynyň mukdary iki esse, ýagny 337 müň tonnadan 701 müň tonna çenli artdy " diýip, Çoriýew Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen brifingde aýtdy. Duşuşyk 11-nji noýabrda Samarkantda geçiriler.

Çoriýew 27-28-nji oktýabrda Daşkentde türki döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygynda “Uzželdorkonteýner” paýdarlar jemgyýeti bilen Gazagystanyň Aktau we Kurik portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekilendigini ýatlatdy. “Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň we Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrliginiň rugsatnama hatlarynyň elektron alyş-çalyş ulgamynyň taslamasynyň doly derejede işläp başlamagyna badalga berildi” diýip, ulag ministrliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary aýtdy.

Onuň sözlerine görä, TDG-niň sammitiniň dowamynda Özbegistan tarapyndan öňe sürlen iki möhüm resminama: gurama agza döwletleriň arasynda halkara garyşyk daşamalary hakynda ylalaşyga hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

2009-njy ýylda döredilen Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi (Türki Geňeş) 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambul sammitinde adyny Türki döwletleriň guramasyna üýtgetmek kararyna geldi. Bu gurama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan hem-de Wengriýa synçy hökmünde gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026