

Stambuldan we Dubaýdan gelýän halkara gatnaw uçarlary Aşgabada gonar
Stambuldan we Dubaýdan Türkmenistana halkara ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrýan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlary Aşgabat howa menziline gonar. Bu üýtgetmeler 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda güýje girýär – diýip, “Türkmenhowaýollary” habar berýär.




















