

TDHÇMB-niň söwdalary: türkiýeli işewürler nah ýüplük satyn aldylar
Çarşenbe güni, 3-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýäniň wekili nah ýüplük satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Çarşenbe güni, 3-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýäniň wekili nah ýüplük satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Aşgabatda 6-njy awgustda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi we maslahaty açylar. Sergi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.


Türkmenistanda aýlyk haklary geljek 7 ýylda 1,8 esse ýokarlanmalydyr. Prezidentiň Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy munuň şeýle boljakdygyny aýdyň görkezýär – diýip, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataew resmi metbugat üçin eden çykyşynda aýtdy.


Tele2 ykjam aragatnaşyk ulgamynyň operatory “Ýakyn daşary ýurtlar” atly täze hyzmatynyň çäklerinde Türkmenistana we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna jaň edip gürleşmegiň nyrhyny peseltdi.


Hepdäniň çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara ýaryşlarynda — Russiýada geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde we Daşkent şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.


Sişenbe güni, 2-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $14,8 million bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň birnäçe döwlet edaralary 25-nji awgustda geçiriljek bäsleşikli saýlamalaryň barşynda öz işlerini sanlylaşdyrmak üçin hususy potratçylardan maddy-enjamlaýyn serişdeleri we hyzmatlary satyn almagy maksat edinýärler.


Ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalar üçin jerime bellenendigini anyklamak we dessine töleg etmek üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylary Android we iOS enjamlarynda işleýän “Çapar” programmasyny ulanyp bilerler.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalar geçiriler.


Duşenbe güni, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda L-0,5-62 görnüşli dizel ýangyjyny eksport etmäge 18 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Angliýanyň baýry ÝOM-nde magistr derejesini almak üçin 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Chevening programmasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.


Duşenbe güni, 1-nji awgustda Türkmenistana saparynyň barşynda Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajraf Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni, zähmet rugsadynyň ilkinji gününde Awazada nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


Şenbe güni Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Howpsuzlyk boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis bu görnüşdäki ilkinji ýygnak bolmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew häzirki duşuşygyň halkara howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geňeşmeleriň esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan etdi – diýip, Türkmen döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.