HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürleri «Alibaba»-nyň wise-prezidentiniň webinaryna gatnaşyp bilerler

Dekabr 01, 2022 | 15:55 |8682
Türkmenistanly telekeçiler Hytaýyň iň uly elektron söwda hyzmaty bolan Alibaba.com-yň wise-prezidenti Endrýu Çžengiň webinaryna goşulyşyp bilerler.Türkmenistanly telekeçiler Hytaýyň iň uly elektron söwda hyzmaty bolan Alibaba.com-yň wise-prezidenti Endrýu Çžengiň webinaryna goşulyşyp bilerler.
Çeşme:

Türkmenistanly telekeçiler Hytaýyň iň uly elektron söwda hyzmaty bolan Alibaba.com-yň wise-prezidenti Endrýu Çžengiň webinaryna goşulyşyp bilerler.

«B2B elektron söwdasyna nädip taýýar bolmaly?» atly onlaýn duşuşygy «Alibaba»-nyň topary we Halkara söwda merkezi tarapyndan gurnalýar.

Çženg B2B elektron söwdasy bilen kiçi we orta kärhanalaryň nädip ösüp biljekdigi, oňa nädip taýýarlanmalydygy we telekeçileriň bu ýolda nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi barada söhbet etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem ol kärhanalaryň çökgünlik döwründe nädip durnuklylygyny ýokarlandyryp biljekdigi baradaky meselä hem degip geçer.

Şeýle hem gatnaşyjylaryň bilermene sorag bermek mümkinçilikleri hem bolar.

Bu webinar 2-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlaýar. Ol iňlis dilinde geçirilýär we şol bir wagtyň özünde ol rus diline hem terjime ediler.

B2B elektron söwdasy bu onlaýn söwda portaly arkaly kärhanalaryň arasynda harytlary ýa-da hyzmatlary satmakdyr. Kuwwatly B2B elektron söwda platformasy lomaý satyjylara önümleri öwrenmäge we islän wagtlarynda we islän ýerlerinde söwda etmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news
Surat: jingdaily.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026