Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Gazagystan Respublikasynyň maglumat we durmuş taýdan ösüş ministri bilen duşuşdy
Dekabr 01, 2022 | 15:05 |3388


Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Respublikanyň maglumat we durmuş taýdan ösüş ministri Darhan Hydyrali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Astanada ýerleşýän diplomatik wekilhanasynyň web saýty habar berýär.
Taraplar maglumat we habar giňişliginde ýurtlaryň özara täsirini güýçlendirmek arkaly ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we soňky 30 ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň netijeli ösüşi barada hem söhbetdeş boldular.
ORIENT news
Surat: el.kz, kazakhstan.tmembassy.gov.tm








