HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini bilmek boýunça döwlet bäsleşigi geçirilýär

Dekabr 01, 2022 | 15:05 |4915
Türkmenistanyň Bilim ministrligi eýeçilik görnüşine garamazdan gysga möhletli okuw sapaklaryny berýän ýurduň bilim merkezleriniň okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dillerini biliş derejesi boýunça bäsleşik geçirýär.Türkmenistanyň Bilim ministrligi eýeçilik görnüşine garamazdan gysga möhletli okuw sapaklaryny berýän ýurduň bilim merkezleriniň okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dillerini biliş derejesi boýunça bäsleşik geçirýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi eýeçilik görnüşine garamazdan gysga möhletli okuw sapaklaryny berýän ýurduň bilim merkezleriniň okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dillerini biliş derejesi boýunça bäsleşik geçirýär.

Bäsleşigi geçirmegiň tertibi Bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň buýrugy bilen tassyklanyp, sişenbe güni Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda çap edildi.

Bäsleşik daşary ýurt dillerini bilmegi kämilleşdirmäge, okuwçylaryň arasynda iň zehinlilerini ýüze çykarmaga, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň derejesini ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Bäsleşigi geçirmegiň tertibine laýyklykda 12-den 13 ýaşa çenli, 14-den 15 ýaşa çenli, şeýle hem 16 we ondan uly ýaşly üç ýaş derejesindäki okuwçylar bäsleşige gatnaşyp bilerler.

Okuw merkeziniň okuwçylarynyň arasynda bilim derejesi boýunça tapawutlanan gatnaşyjylar sebit derejesinde «göreşi» dowam etdirerler. Has tapawutlananlar ýaryşyň milli tapgyrynda daşary ýurt dilini biliş derejesi boýunça synagdan geçip, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolan garşydaşlary bilen duşuşarlar.

Ýeňijiler aýratynlykda we topar derejesinde kesgitlenerler.

ORIENT news
Surat: waldorfschule.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026