

Owganystan Türkmenistandan, Gazagystandan we Eýrandan import şertnamalary meýilleşdirýär
Owganystanyň Söwda-senagat Ministrligi Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran bilen bugdaý we nebit önümlerini ýurduň bazaryna import etmek barada şertnamalara gol çekmegi meýilleşdirýär. Şu gün, şenbe güni habar berýär Tolonews.


















