Habarlar

Barsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýarBarsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýar

Barsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýar

Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak oýunça Konwensiýa (Bonn konwensiýasy) we Germaniýanyň Tebigaty goramak boýunça federal agentligi Merkezi Aziýa süýdemdirijileri boýunça başlangyjyň çäklerinde pars gaplaňyny gorap saklamagyň sebitleýin strategiýasyny kabul etmek üçin onuň çäginde ýaşaýan döwletleriniň wekilleri bilen duşuşygy guramagy meýilleşdirýär.

Aşgabatda jemgyýetçilik guramalaryň Forumy geçirildiAşgabatda jemgyýetçilik guramalaryň Forumy geçirildi

Aşgabatda jemgyýetçilik guramalaryň Forumy geçirildi

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumy raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň we döwlet häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşyk etmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hem-de paýtagtyň häkimliginiň bilermenleri gatnaşdylar.

Türkmen wiolonçelçisi "Glier güýzünde" “Saz bäsleşiginiň laureaty” diýen ada mynasyp boldyTürkmen wiolonçelçisi "Glier güýzünde" “Saz bäsleşiginiň laureaty” diýen ada mynasyp boldy

Türkmen wiolonçelçisi "Glier güýzünde" “Saz bäsleşiginiň laureaty” diýen ada mynasyp boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aýlar Annamyradowa R.M.Glier adyndaky “Glieriň güýzi” atly VI Halkara saz bäsleşiginiň laureaty boldy. Bu bäsleşik Moskwada her ýyl dünýäniň iň zehinli ýaş sazandalarynyň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýär we ýerine ýetirijileriň arasynda ýeňiş gazanmak üçin meşhur kompozitorlaryň repertuaryndan saýlanan eserleri ýerine ýetirmeli. Bu eserleriň juda çylşyrymly kompozisiýalardygyny aýtmalydyrys.