

Stambulda türki dünýäniň synçylarynyň Simpoziumy açyldy
27-nji aprelde Stambulda tejribe alyşmaga, edebiýaty we türki dilli halklaryň medeniýetini dünýä ýaýmaga ýardam etmäge gönükdirilen türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumy açyldy.


27-nji aprelde Stambulda tejribe alyşmaga, edebiýaty we türki dilli halklaryň medeniýetini dünýä ýaýmaga ýardam etmäge gönükdirilen türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumy açyldy.


Türkmenistanda çagalara seretmek we maşgalany goramak ulgamyny pugtalandyrmak boýunça indiki ädimler ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stolunyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Italiýanyň EXPO-2030 ýüz tutmalar komiteti boýunça ýörite ilçisi Romeo Orlandi bilen 2030-njy ýylyň Bütindünýä sergisini geçirmekde Rimiň resmi dalaşgärligini öňe sürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekilleri milli wekiliýetiň düzüminde «Awiasiýanyň we kosmonawtikanyň möhüm meseleleri» temasy boýunça Krasnoýarskiýdäki IX ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.


Russiýanyň milli drama teatry (Aleksandriýskiý teatr) Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersiteti we Russiýanyň sahna sungaty döwlet instituty bilen Türkmenistanyň 40 sany medeniýet iş dolandyryjylary üçin üç günlük gysga möhletli okuw guradylar.


Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.


Hançžoudaky XIX tomusky Aziýa oýunlaryny gurnaýjylar milli olimpiýa komitetleri üçin dürli meseleler boýunça maglumat bermek maksady bilen, Chefs de Mission atly iki günlük seminar geçirdiler.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli geçjek Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň (CAFA) birinji çempionatyndaky topar boýunça bäsdeşlerini belli boldy – diýip, subfederasiýanyň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Ispaniýanyň «Wilýarreal» klubynda tejribe geçýär – diýip, akademiýanyň metbugat-gullugy habar berýär.


Türkiýäniň prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýa müdirliginiň neşirýat we teleradioýaýlymlar bölüminiň baştutany, TRT telekanalynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Oguz Göksu Stambulda türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumynda çykyş etmek bilen, türki dilli ýurtlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýa babatynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmany ösdürmäge çagyrdy.


Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew Igor Sikorskiý adyndaky Kiýewiň politehniki institutynyň Halkara bilim merkeziniň direktory Sergeý Maulik bilen bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Türkmenistanyň Kiýewdäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.


“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline” kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.


Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen we dünýäde nebitiň we gazyň uly gorlarynyň eýesi bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary we Türkmenistan dünýä energetika arhitekturasynyň döredilmeginde has uly ähmiýete eýe bolýarlar. Bu bütindünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orun eýelemek bilen, ýokary maýa goýum özüne çekijiligini kesgitleýär hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu sebite gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar – diýip, Serdarmämmet Garajaýew - Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çarşenbe güni Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.


Äpet «Galkynyş» gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymyny ýylda 200 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly görkezijä ýetmek ony ulanmagyň ähli 7 tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi bilen mümkin bolar.


Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.