

Türkmen wekiliýeti Gaagada ÝB-niň agentlikleriniň işi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri sebitiň ýurtlaryndan beýleki wekiliýetler bilen bir hatarda ÝB-niň Gaagadaky, Niderlandlara degişli agentliklerine we edaralaryna tanyşdyrylyş saparyna gatnaşdylar. Bu barada Ýewropa Birleşiginiň wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.





















