HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda çagalara seretmek we maşgalany goramak ulgamynyň pugtalandyrylmagy boýunça ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 27, 2023 | 15:10 |6070
Türkmenistanda çagalara seretmek we maşgalany goramak ulgamyny pugtalandyrmak boýunça indiki ädimler ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stolunyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanda çagalara seretmek we maşgalany goramak ulgamyny pugtalandyrmak boýunça indiki ädimler ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stolunyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistandaky ÝUNISEF tarapyndan berildi

Türkmenistanda çagalara seretmek we maşgalany goramak ulgamyny pugtalandyrmak boýunça indiki ädimler ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stolunyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin çagalara seretmek ulgamyny özgertmek babatynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş işine ýöriteleşýän hünärmenleri artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Goragly, amatly maşgala gurşawy – her bir çaga üçin iň gowy gurşawdyr we onuň beden, ahlak we akyl (intellektual) taýdan ösmegi, şeýle hem beden we ruhy saglygyny saklamagy we berkitmegi üçin esasdyr.

Muny gazanmak üçin dünýädäki her bir döwlet çagalary goramagyň durmuş ulgamyna maýa goýmalydyr, ol ulgam goldawa mätäç maşgalalary we çagalary ýüze çykaryp bilýär we olara anyk isleglerine jogap berýän durmuş hyzmatlary berip bilýär.

Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF ýurtda çagalary we maşgalalary goramak ulgamyny pugtalandyrmagyň üstünde bilelikde işleýärler.

Duşuşyga hukuk goraýjy edaralaryň, durmuş pudagynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, aliýe, statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem howandarlyk edaralaryň adyndan Aşgabadyň ýerli häkimiýet edaralary we kämillik ýaşyna ýetmedikeriň işi boýuça toparyň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026