HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Krasnoýarskiýniň bilim edaralary bilen tanyşdy

Aprel 27, 2023 | 12:31 |5488
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekilleri milli wekiliýetiň düzüminde «Awiasiýanyň we kosmonawtikanyň möhüm meseleleri» temasy boýunça Krasnoýarskiýdäki IX ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekilleri milli wekiliýetiň düzüminde «Awiasiýanyň we kosmonawtikanyň möhüm meseleleri» temasy boýunça Krasnoýarskiýdäki IX ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.
Çeşme: smapse.ru

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekilleri milli wekiliýetiň düzüminde «Awiasiýanyň we kosmonawtikanyň möhüm meseleleri» temasy boýunça Krasnoýarskiýdäki IX ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.

Çäräni geçiriji meýdança bolup akademik M.F. Reşetnýow adyndaky Sibir ylym we tehnologiýa döwlet uniwersiteti çykyş etdi – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory Edham Akbulatow düzüminde TTII-nyň mugallymlary bolan türkmen wekiliýetini «Prioritet 2030» akademiki maksatnama we Sibir uniwersiteti tarapyndan ýerine ýetirilýän taslamalar bilen tanyşdyrdy. Maslahata şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanly wekiller geljegiň materiallaryna, kiberhowpsuzlyga, ykdysady ulgamlara we meteorologiýa bagyşlanan seksiýalarda öz çykyşlaryny hödürlediler.

Gezelenjiň çäklerinde myhmanlar obserwatoriýa, hemralara gözegçiik etmek we dolandyrmak boýunça talyplar merkezine, kosmos apparatlarynyň merkezine, ylmy-önümçilik bölümlerine we laboratoriýalara baryp gördüler. Soňra türkmen wekiliýeti «Krasnoýarskiýniň ülke ylym öýi» bilim edarasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaş gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşdy.

Reşetnýow adyndaky uniwersitet Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir, ol ýokary tehnologiýalar babatynda we ylmyň talap edýän tehnologik işler babatynda hünärmenleri ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026