HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt

Aprel 26, 2023 | 18:39 |6765
“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif  binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline”  kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif  binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline”  kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.
Çeşme: orient.tm

“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline” kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.

"Galkynyş" ýokary ýura döwrüniň ägirt uly ýatagy bolup, 2 topara bölünýär. Bu çäkleriň meňzeşligine seretmezden, özara tapawutlanýandygyny synag guýularynda takyk maglumatlary kesgitlemek üçin geçirilen 3D we 2D seýsmiki gözlegler görkezdi. Synagyň netijeleri synag önümçilik meýdançalarynyň köp mukdardaky gaz gorlaryna eýedigine şaýatlyk edýär.

Suwuň we gazyň gatnaşygyny öwrenmäge gönükdirilen gözlegler gatlaklarda ortaça basyşy çaklamaga mümkinçilik berdi. Bu basyşyň 10, 25 we 50 ýylda azalýandygyny görkezýär. Bir seretseň, basyşyň peselmegi ägirt ýaly görünse-de, käniň öz basyşynyň peselmegi beýle uly däl. Hatda ýarym asyrdan soň hem bu döwürde gazyň diňe 45%-iniň çykarylandygyny aýdyp bolar, özem bu ýatagy özleşdirmegiň ýedi tapgyryndan soňky görkeziji bolar – diýip, Stiwen Raýt belläp geçdi.

Häzirki “Galkynyş” meýdançasyny özleşdirmegiň birinji tapgyry amala aşyrylýar. Ýene-de 6 tapgyr kesgitlenildi, jemi 8 trillion kub metr gaz çykalrylar. Şeýle-de bolsa, ösüş meýilnamasy - önümçiligiň ýedi basgançagy doly ýerine ýetirilenden soňam, “Galkynyş” käniniň uglewodorod gory doly egsilmez. Şol sebäpli, bu ýatagy özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny köpeltmäge esas bar - diýip, GaffneyCline müdiri sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026