HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylar

Aprel 27, 2023 | 12:06 |7228
Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: iirmfa.edu.tm

Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurlygyny belläp, diplomatik mekdepleriň ýolbaşçylary iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň, ylym we bilim ugrundan onlaýn-okuwlaryň geçirilmeginiň gerekdigini nygtadylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atageldi Baýramow hem gatnaşdy.

1959-njy ýylda esaslandyrylan Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary instituty günüň dogýan Ýurdunyň öňdebaryjy analitiki merkezidir we Aziýanyň öňdebaryjy analitiki merkezleriniň arasynda 1-nji ýeri eýeleýär. Institut forumlary, simpoziumlary we halkara maslahatlaryny kadaly gurnap durýar, daşary syýasat, howpsuzlyk we globallaşma meseleleri boýunça ylmy-barlag taslamalaryny guramagy amala aşyrýar.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň rektory Halkara ösüş boýunça Ýapon agentliginiň (JICA) Merkezi, Gündogar Aziýa we Kawkaz ýurtlary müdirliginiň ýolbaşçysy Hirosawa Masaýuki we ynsanperwerlik ösüş we ýokary bilim müdirliginiň baştutany, bu agetligiň ýokary okuw mekdepleri bilen işleşmek boýunça başlygy Daýsuke Uýeda bilen duşuşdy.

Ýokary bilim babatynda gatnaşyklary mundan beýläk giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar JICA-nyň Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň okuw studiýasyny enjamlaşdyrmaga we ýapon tarapynyň gatnaşmagynda innowasion klasteri döretmäge ýardam etmek baradaky meselelere seretdiler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026