Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
30.10.2025 | 19:20 |Şu gün Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiňedara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdyrlar.

Maslahatyň başynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde, ilata hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmada we sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandyny goşan halypa zenanlar çuň manyly çykyşlar etdiler.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda uzak ýyllaryň dowamynda göreldeli we yhlasly zähmet çekýän zenanlar ýürek buýsançly gürrüňlerini beýan etdiler.Olar hususanda, ýurdumyzda zenanlaryň sarpasyna, gyzlaryň terbiýesine juda uly üns berilýändigi barada nygtap geçdiler.

Hususan-da türkmen zenanlarynyň Watanymyzyň dürli pudaklardaky mynasyp orunlary, ukyp-başarnyklary bilen ýeten sepgitleri barada durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda mähriban enelerimize, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyza çäksiz sarpa goýýan, olaryň zähmetini, mertebesini belentde tutýan, edep-ekramyna aýratyn hormat bilen garaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.