Türkmenistanda talyplar üçin “Kitap marafony” başlanýar
02.09.2025 | 17:20 |Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty talyplaryň we magistrantlaryň arasynda “Kitap marafonynyň” geçirililmegini yglan edýär. Bu başlangyjyň maksady — kitaba söýgi bildirýän jemgyýeti döretmek we ýaş nesilde okamak medeniýetini kemala getirmekdir.
Marafon 2025-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 24-nji oktýabryna çenli geçirilýär. Gatnaşmak isleýän talyplar 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli öz maglumatlaryny iirmfa.youngscientists@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler.
Bu başlangyç Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanýar.
ORIENT