«Dutaryň owazlary»: Moskwa festiwalynyň täze wakalarynyň öňüsyrasynda aýdym-saz çakylygy
01.09.2025 | 20:05 |«Dutaryň owazlary» IX Halkara sungat festiwalynyň çäginde güýzüň möhüm wakalaryna taýýarlyk hökmünde Moskwada kamera konserti geçiriler. Bu konsert öňden bolup geçen çäreler bilen öňde garaşylýan bäsleşikleri baglanyşdyrýan özboluşly köpri bolar. Sungatyň muşdaklary üçin duşuşyk ýeri hökmünde 21-nji sentýabrda A.N.Skrýabin adyndaky Ýadygärlik muzeýi saýlandy. Ol ýerde nusgawy däpler bilen etno medeniýetiniň sazlaşygyny özünde jemleýän eserler ýaňlanar.
«Dutaryň owazlary» gaznasy tarapyndan guralan bu konsert üç möhüm başlangyja ýol açýar: Halkara ýerine ýetiriji sazandalar bäsleşigi, «Söz älemi» Halkara okyjylar bäsleşigi hem-de «Uruşyň keşbi sungatyň aýnasynda» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty. Soňky iki taslamanyň temasy tötänden saýlanman, Beýik Watanyçylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanýar.

Agşamky maksatnamada festiwalyň rezidentleri, ýeňijileri we emin agzalary çykyş ederler. Diňleýjiler Sergeý Ýeseniniň goşgularyna döredilen sazlary, uruş temasyndaky eserleri, şeýle-de uruş ýyllarynyň dünýäde ilkinji gezek ýerine ýetiriljek aýdymlaryny eşiderler. Mundan başga-da, Aleksandr Skrýabiniň döredijiliginden kän tanalmaýan sahypalar bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar, bu bolsa agşamlyk çäresine aýratyn kamera öwüşginini berer.
Şu agşamky çärede merkezi wakalaryň biri kompozitor Mämmet Guseýnowyň 2025-nji ýylda neşir edilen «Fortepiano üçin alty çaga pýesasy» atly ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar. Gündogaryň baý folkloryndan ylham alan bu albom belli türkmen suratkeşi Kössekmyrat Nurmyradowyň eserleri bilen bezelen. Ýygyndydaky aýdym-saz eserlerini «Dutaryň owazlary» festiwalynyň Baş baýragynyň eýesi, pianinoçy Mariýa Buýanowa ýerine ýetirer.

Skrýabin muzeýinde geçiriljek konsert tomusky tapgyry jemläp, güýzki tapgyry açýan özboluşly çäre bolar. «Dutaryň owazlary» festiwalynyň IX möwsümi aprelde Moskwada geçirilen «Türkmen bilbili» atly konsert bilen başlanypdy, 15-nji awgustda bolsa Moskwanyň Konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Parahatçylygyň sazlary, dostlugyň we doganlygyň sazlary» atly türkmen-rus konserti uly üstünlik bilen geçirilip, iki ýurduň sazandalaryny birleşdirdi.
«Dutaryň owazlary» festiwaly öz wezipesini dowam etdirip, sungat arkaly medeniýetleriň arasyndaky dialogy döretmäge we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

Entäk bäsleşiklere we maslahata gatnaşmak üçin arza tabşyrmadyklar 1-nji oktýabra çenli ýetişip bilerler.
Akademiki sazda etno medeniýet däplerine esaslanýan halkara ýerine ýetiriji sazandalar bäsleşigi
«Söz älemi» Halkara okyjylar bäsleşigi
«Uruşyň keşbi sungatyň aýnasynda» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty
ORIENT