Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08.2025 | 23:32 |Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen yzygiderli pugtalandyrylýan we täze mazmuna eýe bolýan dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi.
Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamlaryň arasynda, esasan hem, ylym-bilim babatda aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem üns berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Premýer-ministr Anwar Ibrahime we Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistan üçin Malaýziýa söwda-ykdysady, energetika we bilim ulgamy boýunça ileri tutulýan hyzmatdaş bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ýangyç-energetika pudagy aýratyn orna eýedir. Muňa mysal edip, Petronas kompaniýasynyň Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça taslamalaryna gatnaşmagy, Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegi we häzirki zaman tehnologiýalary babatda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýaly işler bar.
ORIENT