Türkmenistanyň wise-premýeri Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.06.2025 | 11:41 |Daşkendiň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda wise-premýer Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşykda özbek-türkmen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, suw hojalygy pudaklarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda kooperasiýanyň güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.
Geçiriljek Sebitler forumynyň, şeýle hem bilelikdäki işewürlik we medeni çäreleriň taýýarlyk işleriniň wajyplygy barada hem nygtaldy.
ORIENT