Iň täze habarlar

«Arkadag» futbol kluby AFK Çagyryş ligasynyň öňüsyrasynda BAE-nyň toparyny ýeňdi

20.10.2024 | 03:00 |
 «Arkadag» futbol kluby AFK Çagyryş ligasynyň öňüsyrasynda BAE-nyň toparyny ýeňdi

“Arkadag” futbol kluby ilkinji halkara ýaryşyna - AFK Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüine taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Topar Dubaýdaky türgenleşikde bolan mahalynda, möhüm duşuşyklardan öň synag bolan ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Frame 48 (4).png

20-nji oktýabrda (ýekşenbe) Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýerli “Al-Hamriýa” kluby bilen duşuşdy.

Screenshot_20241020_235627_Gallery.jpg

Bu duşuşyk “Arkadag” klubynyň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Oýunda türkmen toparyndan ýarymgoragçylar: Arslanmyrat Amanow (70-nji minut) we Şanazar Tirkişow (90 + 2) gollary geçirdiler.

21-nji oktýabrda “Arkadag” futbol kluby Dubaýdaky türgenleşigini tamamlar we AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň başlanjak Kuweýt döwletiniň paýtagty El-Kuweýte ýoa düşer.

Ýaryş 26-njy oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda merkezleşdirilen formatda geçiriler. Bije çekeleşigiň netijelerine görä “Arkadag” futbol kluby Günbatar zolagyň “B” toparyna düşdi. Onuň garşydaşlary Kuweýtiň “Al-Arabi”, Maldiw adalaryň “Maziýa sport” we Gyrgyzystan “Abdyş-Ata” toparlary boldy.

ORIENT news

Foto: sr9_eventmanagement

Şeýle hem okaň: