Iň täze habarlar

Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

03.09.2024 | 00:05 |
 Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

Türkmen sazy taryhyň ähli döwürlerinde alymlary, syýahatçylary, kompozitorlary, suratkeşleri we ýazyjylary özüne çekip, olara ylham beren halk sungatynyň hazynasydyr. Türkmenleriň sazçylyk mirasy hemişe dutar bilen çalynyp ýerine ýetirilýän parasatly nakyllary we tapmaçalary, şadyýan we gynançly däp aýdymlaryny, we taryhy gahrymanlaryň şöhratly edermenliklerini beýan edýän bagşylaryň söýgi, dabaraly we gahrymançylykly eposlaryny we destanlaryny öz içine alýar. Bu edebiýatyň halkyň wagtyny hoş geçirmeginiň netijesi bolandyr diýip pikir etmek ýalňyşdyr. Ol halkyň mertebesi we akyl paýhasydyr. Ol halkyň ahlak keşbini berkidip, onuň taryhy ýadygärligi bolupdy, zähmeti, tebigaty, ata-babalara bolan hormaty bilen baglanyşykly däp-dessurlara görä dowam etdirilen bütin ömrüne çuň many goşýardy.

1.jpg

“Lambert Academic Publishing” (Germaniýa) halkara ylmy neşir tarapyndan çap edilen “Folklordan bagşyçylyk sungatyna çenli: türkmen sazynyň žanr meňzeşlikleri” atly monografiýa türkmenleriň halk sazçylyk sungatyny öwrenmek meselelerine bagyşlanan. Işiň awtory – Jamilýa Azimowna Gurbanowa – etniki saz sungatyny öwreniji, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, ömrüniň köp bölegini türkmen halkynyň halk sazçylyk sungatyny öwrenmegine bagyş etdi. Öz ýoluny dutarçylyk däbini öwreniji hökmünde başlap, ol ilkinjileriň hatarynda bolup türmenleriň saz gural mirasyny hem-de dutarçylyk sazynyň täsinligini seýrek hadysa hökmünde öwrenip başlady. Şeýle-de awtor ilkinjileriň hatarynda bolup, Nury Halmämmedowyň ömrüni we döredijiligini öwrenip, eserlerini giňişleýin derňäp, türkmen kompozitoryň döredijiligi barada onlarça makala we monografiýa ýazdy.

“Folklordan bagşyçylyk sungatyna çenli: türkmen sazynyň žanr meňzeşlikleri” atly kitap awtoryň eýýäm bäşinji monografiýasy bolup, ol bu kitaby kakasyna žurnalist we alym Azim Ahmedowa bagyşlady.

2.jpg

Monografiýa barlagynyň üns merkezi – türkmenleriň sazçylyk sungatynyň žanr toparlamasynyň meseleleri hem-de sözleýiş däbiniň sazçylyk nusgalarynyň emele gelmek meseleleri. Getirilen derňew Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň däp saz gaznasynyň hem-de awtoryň şahsy meýdan ýazgylarynyň ses we wideo materiallaryan esaslanýar. Barlagyň netijesi sazçylyk mirasynyň žanrlarynyň funksional niýetleriniň hem-de olaryň durmuşda bar bolma usullarynyň we ýerli aýratynlyklarynyň, olaryň kompozisiýa düzünmleriniň we saz beýan etme serişdeleriniň hasaba alynmagy bilen žanrlaryň görnüşe görä bölünmegidir.

3.jpg

Monografiýanyň esasy maksady – umumy türki medeni mirasynda türkmenleriň saz döredijiliginiň ähmiýetini açyp görkezmek. Umumy türki medeniýetiniň bir şahasy bolup, türkmen sazy özünde folklor döredijiliginiň däplerini hem-de bagşyçylyk sungatynyň baý sözleýiş-hünär mirasyny jemleýär. Barlag işde gadymy döwürlerde döräp häzirki zaman dünýäsinde durmuşda bar bolma däplerini saklap gelýän nusgalaryna çenli sazçylyk folklorynyň žanr ösüşi açylyp görkezilýär. Nesilden nesle geçirilip, köpsanly instrumental pýesalar we türkmen bagşylarynyň aýdymlary ýaly folkloryň žanrlary milli medeniýetiň gymmatly hazynasy bolup, häzirki wagda hem olar giňden ulanylýar.

Awtoryň belleýşi ýaly: “Türkmenler şü güne çenli ata-babalarynyň däp-dessurlaryny we öz saz medeniýetini saklap geldiler. Häzirki zaman halkyň däp-dessurlarynda ýüze çykýan yslamdan öňki elementler, gadymy türkileriň butparazlyk tagzym etmeleri bilen baglanyşykly. Ýüzýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýşyny kesgitlän çarwa gurluşy onuň sazçylyk durmuşynyň ähli taraplaryna täsirini ýetirdi. Janly ýerine ýetirilişiniň dowamynda saz-şygyryýet döredijiliginiň eserleri hem sazandadan sazanda geçirildi”.

4.jpg

J.Gurbanowanyň monografiýasy esasy dört bapdan ybarat. Barlagyň maksadyny we wezipesini hem-de onuň usulyýetini kesgitleýän birinji bapda türkmen halk sazynyň žanr toparlamasynyň usullary giňişleýin beýan edilýär. Bu ýerde awtor “toparlama” we “görnüşlere görä bölme” adalgalaryny ulanyp, olaryň ulgamlaşdyrma usullaryny açyp görkezýär.

Türkmenleriň saz-şygyryýet döredijiligi žanrlaryň we görnüşleriň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen bagşylarynyň saz mirasynyň we folklor žanrlarynyň ylmy häsiýetlendirilmesi N.Abubakirowanyň, Ş.Gullyýewiň, M.Gapurowyň ylmy-barlag işlerinde giňişleýin berilen. Häzirki wagta çenli toplanylan saz-barlag materiallaryna esaslanyp, J.Gurbanowa türkmen saz žanrlarynyň umumy görnüşlerini kesgitlemek bilen, olaryň bitewi derňewini iş ýüzüne geçirýär.

6. Jemli..jpg

Monografiýanyň “Türkmen folklorynyň žanr derejeleri” atly ikinji baby türkmenleriň däp we durmuş folkloryna bagyşlanan iki uly bölümi özünde jemleýär. Däp folkloryň toparlara bölünilişi däp-dessur bilen baglanyşykly žanrlary öz içine alýar. Bu ýagyş ýagdyrma däpleri, ählihalk baýramçylyklary, täleý garama däp aýdymlary, toý eserleri, ruhy arassalanma däpleri we tans žanrlarydyr.

7.jpg

Durmuş folkloryna awtor zähmet we hüwdi aýdymlaryny, liriki-oýun žanry, çaga folkloryny degişli edýär. Monografiýada bu žanrlaryň ählisi giňişleýin saz-şygyryýet derňewi we görnüşiň kompozisiýa gurluşynyň esasynda işlenilýär.

“Bagşyçylyk we sazanda sungaty” – atly üçünji bölüm türkmenleriň saz gural, aýdym we epiki däplerine üns çekmek bilen üç uly bölüme bölünen. “Dutar sazlary” atly bölümde awtor tarapyndan berlen instrumental sazynyň derňew usullary dutar çalyjylygyň merkezi bolan Ahal mekdebiniň we beýleki sebitleriň pýesanyň komposiziýa gurluşynyň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. J.Gurbanowanyň nukdaýnazaryndan dutar sazynyň derňewinde esasy mesele onuň ösüşi, şeýle-de çarwa halklarynyň umumy türki däplerinden gözbaş alýan kompozisiýa gurluşynyň üç tapgyrlylygy bolup durýar.

Awtor tarapyndan girizlen kanuny triada adalgasy özünde esasy üç döwri jemleýär – mowzuk, kulminasiýa (iň ýokary we möhüm pursat) we tamamlama. Bu kompozisiýa kanunalaýyklylygy diňe dutar çalma däbine mahsus boman, eýsem gyjak we tüýdük sazynda hem ulanylýar.

8.jpg

Türkmenistanda türkmen bagşylarynyň sungaty bagşy-tirmeçi, bagşy-ýanamaçy, we epiki sözleýjiler bolan bagşy-destançy görnüşinde tanalýar. Her ugruň biri görnüş we žanr aýratynlyklaryna mahsus kanunalaýyklylygyna eýedir. Bu babyň esasy maksady awtor tarapyndan sözleýiş-hünär döredijiliginiň ähli ugurlarynda ýaýran bent görnüşiniň bagşylaryň aýdymlarynyň emele gelmeginiň esasy hökmünde ýüze çykarylmagydyr.

9.jpg

Ylmy-barlag işiň “Türkmen sazynda žanr we kompozisiýa meňzeşlikleri” atly dördünji baby jemleýji bapdyr. Bu ýerde awtor türkmenleriň saz mirasynyň düzümleýin, sazlaşyk-owazly, metroritmiki aýratynylyklaryna esaslanyp, özüniň toparlara bölme ulgamynyň netijelerini beýan edýär. Umuman, işiň netijeleri halk däpleriniň, sazçlyk mirasynyň žanr köpdürliliginiň, folklor sazynyň ýüze çykarylan žanr bölünişiginiň, žanr stilistiki kadalarynyň we özboluşly ýerine ýetirijilik däpleriniň emele gelmeginiň tapgyrlaryny beýan etmeklige, türkmen bagşy we sazandalarynyň aýdym, instrumental we epiki mirasynyň düzümleýin görnüşe bölme derňewine esaslanýar.

10.jpg

Kitabyň gürrüňsiz aýratynlygy onuň gysga, düşnükli we çeper dilde beýan edilmegidir. Onuň mazmunynda häzirki zaman bagşyçylyk sungatynyň gadymy folklor bilen arabaganyşygy görkezilip, halk asyl nusgalarynyň çeşmeleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen saz döredijiliginiň žanrlarynyň umumy türki medeni mirasy bilen deňeşdirme häsiýetlendirilmesine aýratyn üns berilýär.

Saz öwrenijiler, folklorçylar, türkologlar, medeniýeti öwrenijiler, däp sazyny ýerine ýetirijiler, şeýle-de okyjylaryň giň bölegi üçin niýetlenen bu kitap, halkyň ruhy ýaşaýşynyň esasyny düzýän ata-babalarymyzyň däp-dessur we yrym-ynanç dünýäsine, bagşyçylyk sungatyna ýol görkeziji bolar.

Аgajan AÇILOW, ТMК

Foto: şekillendiriji suratlar

Şeýle hem okaň: