«OpenAI» «ChatGPT-ni» emeli aňly gözleg ulgamyna öwürer
10.05.2024 | 11:05 |Emeli aň pudagyndaky taslamalar bilen meşgullanýan «OpenAI» amerikan kompaniýasy özüniň «ChatGPT» çat-boty üçin internet gözleg aýratynlygynyň üstünde işleýär. Bu barada «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.
«ChatGPT» gözleg ulgamy «Wikipediýa» we bloglardaky ýazgylar ýaly çeşmelere salgylanmalar arkaly internetden ulanyjylary gyzyklandyrýan maglumatlary tapyp biler.
Algoritm dürli ýagdaýlarda tekst jogaby bilen birlikde gerek bolan suratlary hem berip biler. Mysal üçin, ulanyjy gapynyň tutawajyny nädip çalyşmalydygyny sorasa, jogap bu meseläni çözmegiň yzygiderliligini görkezýän surat bolup biler.
«OpenAI» web-gözleg ulgamynda «Google» kompaniýasy we «Alphabet-e» degişli «Perplexity» gözleg başlangyjy bilen bäsleşmegi meýilleşdirýär.
ORIENT news