Iň täze habarlar

Hytaýyň awtoulag öndürijisi «BYD» aýnasyz we üçeksiz superkaryny tanyşdyrdy

25.04.2024 | 17:03 |
 Hytaýyň awtoulag öndürijisi «BYD» aýnasyz we üçeksiz superkaryny tanyşdyrdy

Hytaýyň awtoulag öndürijisi «BYD» üçeksiz we aýnasyz «Super 9» kysymly konseptual sport awtoulagyny tanyşdyrdy.

Şeýlelikde, kompaniýa awtoulag bazarynyň ähli ugurlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerini öndürmek maksadyny subut etdi.

Täze kaşaň awtoulag ajaýyp gaýçy görnüşli gapylara eýedir. Şeýle hem awtoulagda howa akymyny ýokary tarapa gönükdirjek öňdäki aýna ýokdur.

Superkar iki orunlyk bolar, ýolagçy bilen sürüjiniň oturgyçlary zolak bilen bölüner. Oturgyçlaryň uglerod süýüminden edilendigini bellemek gerek. Superkaryň özi hem uglerod süýümden ýeňil şasside gurlupdyr.

Ştab-kwartirasy Şençžen şäherinde ýerleşýän «BYD» häzirki wagtda diňe bir Hytaýda däl, eýsem, dünýäde-de pudagyň öňdebaryjysydyr. Statistika maglumatlaryna görä, dünýäde öndürilen ähli elektrikli awtoulaglaryň bäşden biri Hytaýyň awtoulag ägirdiniň zawodlarynda ýygnalandyr.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: