Iň täze habarlar

«OpenAI» Ýaponiýada Aziýa sebitindäki ilkinji ofisini açdy

16.04.2024 | 11:15 |
 «OpenAI» Ýaponiýada Aziýa sebitindäki ilkinji ofisini açdy

Emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan amerikan başlangyç kompaniýasy «OpenAI» Ýaponiýada wekilhanasyny açdy, ol kompaniýanyň Aziýa sebitindäki ilkinji wekilhanasy boldy.

Ofis Tokio şäherinde ýerleşer. Oňa «Amazon Web Services» kompaniýasynyň ýerli bölüminiň ozalky prezidenti bolan Tadao Nagasaki ýolbaşçylyk eder.

Kompaniýanyň baş direktory Sem Altman Günüň dogýan ýurdunday hyzmatdaşlaryna wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenip, bu wakanyň ýeli kärhanalar bilen hyzmatdaşlygyň uzak ýolundaky ilkinji ädim boljakdygyna we sebitdäki müşderiler bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek etjekdigine umyt bildirdi.

Ýaponiýadaky ofisiň açylyş dabarasyna gatnaşan «OpenAI» kompaniýasynyň operasion direktory Bred Laýtkep kompaniýanyň ýapon diline optimallaşdyrylan uly modeliniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol wagtyň geçmegi bilen başlangyç kompaniýanyň işiniň ýapon bazarynda uly girdeji gazanyp biljekdigini belledi.

Geçen ýyl Sem Altmanyň ýurduň premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşygyndan soň meşhur «ChatGPT» çat-botyny döredijiler Ýaponiýada ofis açmagy meýilleşdirip başlapdylar.

ORIENT news

Foto: theintercept.com

Şeýle hem okaň: