Iň täze habarlar

Kanada emeli aňy ösdürmeklige 2,4 milliard dollar maýa goýýar

08.04.2024 | 16:32 |
 Kanada emeli aňy ösdürmeklige 2,4 milliard dollar maýa goýýar

Hökümetiň täze býujetiniň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo ýurtda emeli aňy ösdürmeklige uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, 2,4 milliard Kanada dollary (ABŞ-nyň 1,8 milliard dollary) möçberinde gazna dörediler.

Esasy üns emeli aň ulgamyna degişli gözlegçiler, başlangyç kompaniýalar we iri kompaniýalar üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini hem-de tehnologiýa infrastrukturasyny giňeltmäge gönükdiriler. Bu ugurda gözlegleri we işläp düzmeleri çaltlaşdyrmaga gönükdirilen hasaplaýyş çeşmelerini döretmek üçin Kanada 2 milliard dollaryny bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Maliýe serişdeleriniň galan bölegi öndürijiligi ýokarlandyrmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň oba hojalygy hem-de saglygy goraýyş ýaly dürli pudaklaryna emeli aňy ornaşdyrmagy çaltlaşdyrmak üçin ulanylar.

Şeýle hem emeli aňyň howpsuzlygy ugrundaky gözleglere we taslamalara ünsi jemlemek üçin 50 million Kanada dollary býujeti bolan Kanadanyň emeli aň howpsuzlygy instituty dörediler.

Şeýle hem Kanadada emeli aňyň ulanylyşyny we maglumatlary gaýtadan işlemegi düzgünleşdirmek üçin kanunlar işlenilip düzülýär. Bu resminama ýurduň parlamentiniň garamagyndadyr.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: