Iň täze habarlar

Taýwandaky ýertitremesi elektron enjamlarynyň bazaryna täsirini ýetirip biler

05.04.2024 | 09:03 |
 Taýwandaky ýertitremesi elektron enjamlarynyň bazaryna täsirini ýetirip biler

3-nji aprelde Taýwanyň gündogar kenarýakasynda 7,3 ball bilen 1999-njy ýyldan bäri iň güýçli ýertitremesi boldy.

Ýertitrmesi 12 km çuňlukda bolup geçdi. Birinji titremeden soňra 6 balla çenli derejede birnäçe titreme bolup geçdi.

Taýwanyň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak merkeziniň maglumatyna görä, ýertitremesi netijesinde adada azyndan 26 bina weýran boldy. bu binalaryň ýedisinde adamlar binanyň içinde galdy. 90 müňden gowrak hojalygyň elektrik togy kesildi.

Taýwanyň Hualýan etrabynyň kenaryndaky ýertitremesi displeý we çip öndürijilere güýçli täsir etdi. Sebäbi ýarymgeçirijiler önümçiliginiň 90 göterimi Taýwandan getirilýän çiplere baglydyr.

Hususan-da, AU Optronics we Innolux tekiz panelli displeýleri öndürýän kärhanalardaky enjamlaryň aglabasy togtadyldy.

TrendForce seljerme kompaniýasynyň çaklamasyna görä, ýertitremesi önümçiligi azyndan 1-2 gün togtadyp biler, bu bolsa önümçiligiň umumy möçberiniň 1,2 göterim peselmegine getirer.

Taýwandaky ýertitremesi ýarymgeçirijileri öndürýän TSMC, UMC we LASER kompaniýalaryny Taýwandaky önümçiligini togtatmaga we öz işgälerini ýurtdan çykarmaga mejbur etdi.

Ýertitremesiniň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin olar aprel aýynda geçjek baýramçylyklarda işlemeli bolarlar, ýogsa bu şu ýyl çipler ýetmezçilik eder we ykjam telefonlaryň, kompýuterleriň we beýleki elektron enjamlaryň ýokarlanmagyna getirer.

ORIENT news

Foto: openchina.com.ua

Şeýle hem okaň: